Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli karara gol çekildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji martynda Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli ýurduň aýal-gyzlaryna sowgat gowşurmak barada ýörite permana gol çekdi.

Hususan-da, bu baradaky permanda eneleri we uýalary hormatlamagyň gadymy däplerine eýerilip, şeýle hem Halkara aýal-gyzlar gününe gabatlap şeýle parmanyň kabul edilýändigi aýdylýar.

Bu permana laýyklykda eýeçiligiň islendik bir görnüşindäki gurmalarda, edara-kärhanalarda zähmet çekýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet posobiýalaryny alýan aýallara, student we okuwçy gyzlara hem-de mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda işleýän terbiýeçilere pul sowgatlary gowşurylar – diýip, «Türkmenistan Altyn asyr» internet saýty habar berýär.

Mundan öň garaşsyzlyk ýyllarynda aýal-gyzlar gününiň Saparmyrat Niýazowyň ejesiniň doglan gününe gabatlanylyp bellenilmegi bilen, Halkara aýal-gyzlar güni bolan 8-nji mart gününe resmi derejede hiç hili ähmiýet berilmeýärdi.
XS
SM
MD
LG