Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda parlament saýlawlary geçirildi


Düýn Täjigistanda parlament saýlawlary geçirildi.

Täjigistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy bu saýlawlara ses bermäge hukugy bolan saýlawçylaryň 80 prosentden hem gowragynyň gatnaşandygyny aýdýar.
Köp synçylar bu saýlawlaryň netijesinde ýene nobatdaky gezek prezident Emomali Rahmonyň Halk Demokratik partiýasynyň wekilleriniň parlamentdäki orunlaryň aglaba köplügine eýelik etjekdigine şübhelenmeýändiklerini aýdýarlar.

Täjigistanda geçirilen bu saýlawlara syn etmek üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndan 200 töweregi synçy bardy.

Saýlawlaryň gutarnykly netijesi şu gün yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG