Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň Konstitusiýasyna täze üýtgetmeler giriziler


Düýn Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Ärdogan şu mart aýynyň ahyryna çenli öz dolandyryjy partiýasynyň ýurduň Konstitusiýasyna täze üýtgetmeler girizjekdigini mälim etdi.

Aýratynam ol bu üýtgetmeleriň syýasy partiýalary dargytmak meselesini has kynlaşdyrmaklygy maksat edinýändigini aýtdy.

Rejep Taýýyp Ärdoganyň «Adalat we Galkynyş» partiýasy 2007-nji ýylda parlament saýlawlarynda ýeňiş gazananda, özüniň esasy maksatlaryndan biriniň ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek boljakdygyny yglan edipdi.

Ýöne bu partiýanyň parlamentdäki ses sany Konstitusiýany üýtgetmäge mümkinçilik bermeýär. Şoňa gorä, dolandyryjy partiýanyň bu meselede oppozision partiýalaryň az-owlak sesini özüne çekip bilmedik halatynda, Konstitusiýa üýtgetme girizmek meselesi referenduma goýulmagy mümkin diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG