Sepleriň elýeterliligi

Çilide ölen adamlaryň sany häzirlikçe 700-den geçýär


Şenbe güni Çilide taryhda iň bir güýçli ýer yranmalardan biriniň hasaba alynmagynyň yzy bilen, düýn ýekşenbe güni ýurduň prezidenti Mişelle Bahelet ölen adamlaryň anyklanan sanynyň häzirlikçe 700-den hem geçýändigini aýtdy. Ýöne adam ýitgileriniň sany entegem artar diýlip garaşylýar.

Rihter ölçeginde 8.8 ball güýji bolan bu ýer yranmanyň episentri Çiliniň kenar ýakalaryndan 100 kilometr töweregi okeanyň içinde boldy.

Ýer yranmanyň yzýany bilen şenbe güni Çiliniň prezidenti tutuş ýurt boýunça tebigy betbagtçylyk ýagdaýyny yglan etdi.

Ekspertler Çilidäki bu ýer yranmanyň soňky ýarym asyryň dowamynda dünýäde ýüz beren iň bir güýçli ýer yranmalardan biridigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG