Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çili, Ýuwaş okeany ýurtlary aladaly


Şenbe güni Çilide taryhda iň güýçli ýer yranmalardan biriniň hasaba alynmagynyň yzy bilen ýekşenbe güni ýurduň paýtagty Santýagoda ýene uly bolmadyk ýer yranmasy duýuldy.

Bu ýer yranmada çekilen adam ýitgileriniň sany we ýykan-ýumranlygyň möçberi häzirlikçe doly belli däl.

Ýekşenbe güni ýurduň häkimiýetleri häzirlikçe ölen adamlaryň anyklanan sanynyň 700-den hem geçýändigini mälim etdiler. Ýöne adam ýitgileriniň sany entegem artar diýlip garaşylýar.

Çiliniň paýtagty Santýagoda müňlerçe adamlar ýer yranmanyň gaýtalanmagyndan gorkup, soňky iki gijäni daşarda ýatyp geçirdiler. Ýurduň resmileri ýer yranmada iki million töweregi adamynyň ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetendigini öňe sürýärler.

Rihter ölçeginde 8,8 ball güýji bolan bu ýer yranmanyň episentri Çiliniň kenar ýakalaryndan 100 kilometr töweregi uzaklykda, okeanyň içinde boldy.

Ýer yranmanyň yz ýany bilen şenbe güni Çiliniň prezidenti Mişelle Bahelet tutuş ýurt boýunça tebigy betbagtçylyk ýagdaýyny yglan etdi. Ekspertler Çilidäki bu ýer yranmanyň soňky ýarym asyryň dowamynda dünýäde ýüz beren iň bir guýçli ýer titremeleriniň biridigini aýdýarlar.

Şenbe güni bu ýer yranmanyň ýüze çykmagynyň yzy bilen Ýuwaş okeany boýunça Gawaýda ýerleşýän Sunami duýduryş merkezi Ýuwaş okeanyň kenar ýakalaryndaky 53 ýurtda sunaminiň ýüze çykmak howpunyň bardygy barada duýduryş ýaýratdy.
Ýöne ýekşenbe güni bu merkez özüniň bu duýduryşyny ýatyrdy.

Onda-da ätiýaç edilýär

Emma, şeýle-de bolsa, käbir ýurtlar henizem bu ýer yranmanyň netijesinde suw joşgunynyň ýüze çykmak howpundan ätiýaç edýärler. Elbetde, suw joşgunyndan ätiýaç edilmegi ýöne ýerden däl. 2004-nji ýylda Hindi okeanynda ýüz beren ýer titremesiniň netijesinde okeanda güýçli suw joşguny döräp, örän köp territoriýalary suw basypdy. Şol heläkçilikde jemi 230 müň töweregi adam ölüpdi.

Çilidäki ýer yranmanyň uly suw joşgunyny döretmek howpundan ätiýaç edip, şenbe güni Ýaponiýanyň, Täze Zellandiýanyň, Filippinleriň we Orsýetiň Kamçatka regionynyň häkimiýetleri jemi ýüz müňlerçe adamlary kenar ýakalardan ewakuasiýa etdiler. Ýöne kenar ýakalardaky suwuň derejesi garaşylyşy ýaly 2-3 metr töweregi ýokary galman, az-owlak ýokary galdy we çynlakaý ýaramaz netijelere getirmedi.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň resmisi Anatoliý Plewako ýurduň Kamçatka regionynda ýüze çykmagy mümkin tebigy heläkçilige garşy göreşmek üçin ähli zerur bolan taýýarlyklaryň görlendigini aýtdy: «Biziň ähli sistemalarymyza, ýagny Içeri işler ministrligimize, Federal howpsuzlyk gullugymyza, Serhet gullugymyza, medisina bölümlerimize ýörite duýduryş gönderildi. Ähli ýerde, ýagny ähli şäherlerde we ilatly punktlarda adatdan daşary ýagdaýlar barada düşündiriş işleri geçirildi. Bu ilatly punktlardaky bölümler taýýarlyk ýagdaýyna getirildi».

Çilide ýüze çykan bu tebigy heläkçilikden soňky dikeldiş we halas ediş işlerine ýardam bermek üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýörite ýardam toparlary bu ýurda baryp başladylar.
XS
SM
MD
LG