Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjik prezidentiniň saýlawlarda ýeňiş gazananlygy yglan edildi


Täjigistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezident Imomali Rahmonyň ýolbaşçylygyndaky “Halk demokratik partiýasynyň” ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynda berlen sesleriň 72%-i töweregini alanlygyny habar berdi.

Komissiýa 63 agzadan ybarat parlamentde oppozision “Yslam täzeden döreýiş” partiýasy bilen “Kommunistik partiýasynyň” hem ençeme orny eýelejekdigini belledi.

Imomali Rahmon 17 ýyl bäri Täjigistany dolandyryp gelýär.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda aşa bidüzgünçiliklere ýol berlenligini aýtdy.

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy boýunça prezidentiniň orunbasary Piýa Kristmas Moller tarapyndan ýaýradylan beýanatda, bu ses berişligiň ençeme ugurlar boýunça demokratik standartlara gabat gelmänligi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG