Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan Orsýet bilen serhet geçelgesini açdy


Gürjüstan bilen Orsýetiň arasynda dowam edýän dartgynlyk sebäpli Kawkazyň daglyk regionynda ýerleşýän iki ýurduň serhet gapysy 3 ýyllap ýapyk galandan soň gaýtadan açyldy. Bu habary gürji wekilleri ýaýratdylar.

Werkhny Lars regionynda ýerleşýän bu geçelge Gürjüstanyň seperatist regionlary bolan Abhaziýa we Günorta Ossetiýadan beýleki ýerler boýunça iki ýurduň arasyndaky ýeke-täk serhet gapysydyr.

Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi bu geçelgäniň halk köpçüligine, şol sanda ulaglara we ýük daşaýan maşynlara şu günden başlap açyljakdygyny habar berdi.

Emma Gürjüstana sapar etjek rus raýatlary wiza almaly bolarlar. Gürjüstanyň wizasy bolsa serhet gapysynda berilmez.
XS
SM
MD
LG