Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç: “ÝB bilen aragatnaşygy artdyrmak daşary syýasatymyzyň esasy ugry”


Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Wiktor Ýanukowiç Ýewropa bilen integrasiýanyň bu ýurduň daşary syýasatynyň iň öňde goýýan wezipelerinden biridigini aýtdy.

Ol bu pikirini resmi taýdan Ukrainanyň prezidenti hökmünde geçen hepde wezipä başlandan soň Brýussele edýän saparynyň dowamynda şu gün öňe sürdi.

Ýewrokomissiýanyň prezidenti Joze Manuel Barroso bilen duşuşygyndan soňra geçiren metbugat ýygnagynda, Ýanukowiç soňky ýyllaryň dowamynda ýüze çykan problemalardan soň rus gazynyň Ukrainanyň üsti bilen ygtybarly ýagdaýda Ýewropa akdyrylmagyna-da kepil geçýänligini aýtdy.

Ýanukowiç hepdäniň soňunda Moskwa sapar edip, şol ýerde rus ýolbaşçylary bilen hem duşuşjakdygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG