Sepleriň elýeterliligi

Medwedew olimpiýada wekillerini wezipelerinden çekilmäge çagyrdy


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew Gyşky olimpiýada ýaryşlarynda bu ýurduň ýygyndy toparynyň garaşylan tamany ödemänligi üçin toparyň wekillerini wezipelerinden çekilmäge çagyrdy.

Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen we ýekşenbe güni tamamlanan Gyşky olimpiýada ýaryşlarynda Orsýet 3-si altyn jemi 11 medal aldy. Bu ýagdaý Moskwanyň ýaryşda 11-nji orny eýelýänligini aňladýar.

Medwedew bu ýagdaýyň jogapkärleri wezipelerinden çekilýändikleri baradaky arzalaryny tabşyrmalydyrlar diýdi.

Orsýet Sowet döwüründen bäri olimpiýada ýaryşlarynda iň ýokarky orunlary eýeläp gelýän ýurtlardan biridi.
XS
SM
MD
LG