Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karadiç Halkara jenaýat sudynda özüni gorap çykyş etdi


Bosniýaly serbleriň öňki lideri Rydwan Karadiç şu gün BMG-niň Jenaýat sudynda eden çykyşynda Ýugoslawiýanyň dargan wagtynda Bosniýany basyp almaga synanyşan aşa yslamçylara garşy öz halkyny özüniň goranlygyny aýtdy.

Ol 1992-95-nji ýyllar aralygynda serbleriň Bosniýa konflikti boýunça alyp baran tagallasynyň “adalatly hem mukaddes” bolanlygyny-da belläp, sözüni şeýle dowam etdirdi: “Men milletimiziň özüni goramak baradaky maksadynyň adalatly we mukaddesdigini aýdyp, ony gorasym gelýär. Şunlukda, men özümi hem milletimi gorap bilerin, sebäbi biziň gowy delilimiz bar”.

Karadiç bilen bagly Halkara jenaýat sudyndaky diňlenşik şu gün gaýtadan başlandy. Ol jenaýatyň dürli görnüşleri, şol sanda uruş jenaýaty we adamzada garşy jenaýat ýaly 11 wakada aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG