Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç Brýusselde: ÝB ýeňillik bilen dem aldy


Prezident Wiktor Ýanukowiç şu gün Brýusselde Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Manuel Barroso tarapyndan dostlukly garşylandy.

“Men onuň ýaňy 25-nji fewralda wezipe başyna gelensoň, daşary ýurtlara edýän ilkinji saparynyň Brýussele tarapdygyna gaty begenýärin. Jenap prezident, siz bu ýerde Ukrainanyň durnuklylygyny, abadançylygyny goldaýan, Ukraina we ukrain häkimiýetleri bilen doly gyzyklanýan dostlaryňyzyň arasyndasyňyz” diýip, Barroso aýtdy.

Orsýetden daşgary iň uly gündogar goňşusynyň täze prezidenti öz ilkinji resmi sapary üçin Moskwany däl-de, Brýusseli saýlap alansoň, Ýewropa Bileleşigi ýeňillik bilen dem aldy.

Ýanukowiç hem Ukrainany goldaýan günbatar syýasatçylarynyň gorkusyny aradan aýyrmak üçin elinde baryny etdi. Ol Ýewropa Bileleşigi bilen integrasiýanyň ukrain syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugrudygyny aýtdy.

Ukrainanyň täze prezidenti bu pursatdan peýdalanyp, NATO-nyň Brýusseldäki baş karargähine barmasa-da, Ukrainanyň NATO goşulmak baradaky ambisiýasynda öz ýolbaşçylygynda hiç bir üýtgemäniň bolmajakdygyny belledi.

Deňagramly hereket

Ýanukowiç özüniň Ukrainanyň hem Ýewropa Bileleşigi hem-de Orsýet bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegini isleýändigini bildirdi. Bu deňagramly hereket hem Ýewropa Bileleşiginiň häzirki tutumyna ters gelip duranok. Komissiýanyň başlygy Barroso: “Biri bilen oňat gatnaşyk beýlekiniň hasabyna bolmaly däl” diýip, bu garaýşy makullady.

“Biz Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmagy Ukrainanyň Orsýet bilen gatnaşygyna zyýanly diýip, pikir edemzok. Tersine, bu Ýewropa bazaryny giňeltmäge ähmiýetli diýip, hasap edýäris. Biz Orsýet bilen-de konsturktiw gatnaşyk ugrunda tagalla edýäris. Şol sebäpden hem men Ukrainada uly potensial bar diýen pikirde” diýip, Barroso aýtdy.

Barroso Ukrainany ençeme gezek Ýewropanyň partnýory diýip atlandyrmak bilen onuň uzagyndan Ýewropa Bileleşigine agza bolmak mümkinçiliginiň bardygyny gytaklaýyn nygtady.

“Agzalyk babatda bolsa biz häzir zerur zat gepleşikler üçin belli bir sene hakda gürleşmek däl-de, reformalara üns bermek diýip, mydamda aýdyp geldik. Bu reformalar Ukrainanyň Ýewropa ýakynlaşmagy, biziň ykdysady sistemamyza integrirlenmegi üçin zerur” diýip, Barroso aýtdy.
XS
SM
MD
LG