Sepleriň elýeterliligi

1-nji martda Türkmenistanyň prezidenti, ýurduň harby güýçleriniň Baş Serkerdebaşy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi.

Maslahatda «türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratizasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan» hukuk goraýjy organlaryň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu maslahatynda prezident Berdimuhamedowyň ýurduň sosial-ykdysady durmuşyndan başlap, bilim, saglygy saklaýyş we medeni pudaklaryna çenli ähli pudaklarynda düýpli reformalaryň amala aşyrylýandygyny nygtamagy aýratyň ünsi çekdi.

Berdimuhamedow, hususan-da, türkmen halkynyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen özgerişlikler prosesiniň uzak obalara çenli tutuş ýurdy gurşap alandygyny nygtady. Emma, prezidentiň bu sözlerine garamazdan, köp ýerli synçylar «tutuş ýurdy gurşap aldy» diýilýän özgerişlikler prosesiniň anyk netijeleriniň kän bir göze ilmeýändigini belleýärler.

Ýöne prezident Berdimuhamedow bu ugurda heniz edilmeli işleriň hem az däldigine ünsi çekip, «reformalaryň täze etapynda» ynsan hukuklary boýunça halkara talaplaryna laýyklykda hukuk goraýjy organlaryň işi baradaky kanunçylyklary ösdürmekligiň, jenaýat-prosessual kanunçylygyny liberallaşdyrmaklygyň, türmelerdäki ýagdaýlara jemgyýetçilik gözegçiligini artdyrmaklygyň, agyr jenaýatlar üçin berilýän tussaglyk möhletlerini azaltmaklygyň, sud proseslerinde adwokaturanyň roluny we ähmiýetini güýçlendirmekligiň, bu prosesler boýunça gözegçilik geňeşlerini döretmekligiň we köpsanly beýleki reformalaryň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Döwlet lideriniň bu nygtan meseleleri belli bir derejede halkara guramalarynyň we ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň öňe sürüp gelýän meselelerini hem öz içine alýar.

Türkmenistanda häkimiýeti dolandyrýan partiýadan başga-da syýasy partiýalaryň döredilmegine rugsat ediljekdigi barada 18-nji fewralda prezident Berdimuhamedow tarapyndan orta atylan pikir hem ýurduň içinde we daşynda uly seslenmeleri döredipdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynyň dowamynda düýn harby we hukuk goraýjy organlaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary hem diňlenildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG