Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkonyň hökümetine ynam meselesi boýunça ses berler


Ukrainanyň parlamenti şu hepdäniň çarşenbe güni premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň hökümetine ynam bildirip-bildirmezlik meselesi boýunça ses berişlik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Ýakynda, 7-nji fewralda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýanukowiç bilen bäsleşikde ýeňlen Ýuliýa Timoşenko bu saýlawlarda galplyklara ýol berlendigini aýdyp, özüniň premýer-ministrlik wezipesinden çekilmejekdigini mälim edipdi.

450 orunlyk parlamentde Wiktor Ýanukowiçiň «Regionlar» partiýasyndan 171 deputat bar. Ukrainanyň kanunçylygyna laýyklykda bolsa, ýurduň hökümetini dargytmak üçin 450 deputatdan azyndan 226-synyň muňa ses bermegi talap edilýär.

Käbir synçylar Wiktor Ýanukowiçiň partiýasynyň bu meseläni parlamentiň ses bermegine goýmagynyň bu partiýanyň beýleki partiýalardan hem goldaw tapjakdygyna ynanýandygyny aňladýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG