Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guantanamodaky hytaýly uýgurlar ABŞ-da häzirlikçe galdyrylmaz


Düýn Birleşen Ştatlaryň Ýokary sudy Guantanamo türmesinde saklanýan hytaýly uýgurlaryň özlerini türmeden çykanlaryndan soň, Birleşen Ştatlarda galdyrmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.

Birleşen Ştatlaryň Ýokary sudy ozalbaşda tussaglykdaky hytaýly uýgurlaryň bu haýyşyna 23-nji martda garamaklygy planlaşdyrypdy.

Ýöne düýn Ýokary sud bu tussaglaryň öz haýyşlary bilen Birleşen Ştatlaryň şikaýat suduna ýüz tutmalydyklaryny we diňe şikaýat sudunyň bu mesele barada karar çykaryp biljekdigini mälim etdi.

2001-nji ýylda Owganystanda amala aşyrylan harby operasiýalarda tussag edilen 22 sany hytaýly uýguryň hemmesem ýakynda doly aklanyldy we olardan aglabasy beýleki ýurtlara ugradyldy.

Häzirki wagt Guantanamo türmesinde galan 7 sany uýguryň nirä ugradylmalydygy baradaky meseläni indi Birleşen Ştatlaryň şikaýat sudy çözer.
XS
SM
MD
LG