Sepleriň elýeterliligi

Bosniýanyň ozalky prezidenti Londonda tussag edildi


Düýn Bosniýanyň ozalky prezidenti Ejup Ganiç Serbiýanyň häkimiýetleriniň haýyşy boýunça Londonyň aeroportynda tussag edildi.

Serbiýanyň häkimiýetleri Bosniýanyň ozalky prezidenti Ejup Ganiçi uruş jenaýatçylygynda aýyplaýarlar.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary tussag edilen 63 ýaşly Ejup Ganiçiň Serbiýa ekstradisiýa edilmegi üçin oňa bildirilýän aýyplamalaryň resmi ýagdaýda esaslandyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Munun üçin bolsa ol häzirlikçe Serbiýadan zerur dokumentlere garaşylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG