Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kommunizmiň synmagynyň taryhy roly maslahatlaşyldy


Şu geçen dynç alyş güni Atlantika okeanynyň iki tarapyndan hem tanymal bilermenleriň we ekspertleriň bir topary Nýu Ýork şäherindäki Kolumbiýa uniwersitetine ýygnanyp, 1989-njy ýylda Gündogar we Merkezi Ýewropada kommunistik režimleriň synmagyna getiren rewolýusiýalaryň taryhy roly barada pikir alyşdylar.

Hususan-da, ekspertler topary bu rewolýusiýalarda nämeleriň gazanylandygy we nämeleriň ýitirilendigi, kommunistik eýýamyň soňlanmagy, postkommunistik eýýamyň aýratynlyklary, şol döwrüň syýasy hereketleriniň goýan mirasy, Gündogar we Merkezi Ýewropada demokratiýa baradaky umytlar, kommunistik geçmişiň şu günlerki suratlandyrylyşy ýaly birgiden meselelere üns berdi.

Gündogar we Merkezi Ýewropada kommunistik režimleriň synaly bäri eýýäm 20 ýyldan hem gowrak wagt geçdi. Ýöne Nýu Ýork şäherindäki Kolumbiýa uniwersitetine ýygnanan ekspertlerde şol döwrüň rewolýusiýalary bilen baglanyşykly jogaplardan soraglar has köp ýaly görünýär.

Çehoslowakiýa mysaly

Bu maslahata gatnaşan awstriýaly professor, öňki syýasatçy Erhard Busek ozalky Sowet bloguna degişli ýurtlardaky kommunistik partiýalaryň öz içindäki syýasy hereketleriň dürli ýurtlarda dürli hili görnüşlerde ýüze çykandygyny belleýär.

Erhard Busek bu meselede ozalky Çehoslowakiýanyň taryhyndan mysal getirdi. Ol 1968-nji ýylda Sowet goşunlarynyň bu ýurda girmegine garşylyk görkezen we «Praga bahary» adyny alan rewolýusion hereketlerden soň, Çehoslowak kommunistleriniň pozisiýasynda uly yza tesişligiň bolandygyny nygtady.

Erhard Busek şol herketlerden soň, Çehoslowakiýanyň kommunistik partiýasynyň liberal agzalarynyň partiýanyň hatarlaryndan çykarylandyklaryny we tussag edilendiklerini belläp, bu ýagdaýlar bilen deňeşdirilende şol wagtky Sowet Soýuzynyň lideri Leonid Brežnewiň has progressiw lider bolup görnendigini aýdýar.

“Rumyniýda gowşak boldy”

Buharestde ýerleşýän Rumyniýanyň Medeniýet institutynyň wise-prezidenti Mirsea Mihaýes bu maslahatda eden çykyşynda Çehoslowakiýadaky, Polşadaky we hatda Bolgariýadaky syýasy hereketler bilen deňeşdirilende, şol döwürler Rumyniýadaky syýasy hereketleriň has gowşak bolandygyny we syýasy aktiwistleriň jemgyýetdäki goldawlarynyň hem pes bolandygyny belledi.

Mihaýesiň aýtmagyna görä, Rumyniýanyň howpsuzlyk sistemasynyň repressiýasy islendik beýleki kommunistik ýurduň repressiýasyndan has ýowuz boldy. “Ýurtda hakyky dissidentlik tradisiýasy hem bolmady. Režim bolsa dissidentlere garşy jemgyýetden gyraklatmak tehnikasyny ulandy. Ýöne, meniň pikirimçe, bu roldaky dissidentlere Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy ýaly institutlar arka durdular”.

Rumyniýaly ekspert Mirsea Mihaýes ozalky kommunistik režimiň galdyran mirasynyň Rumyniýanyň syýasatynda we jemgyýetinde henizem duýulýandygyny we munuň hem öz gezeginde graždan jemgyýetiniň doly güýjünde hereket etmegine bökdençilik döredýändigini aýdýar.

Gündogar Ýewropa has nägile

“Harriman” institutynyň direktory we bu institutyň syýasy ylymlar boýunça professory Timoti Frýe öz institutynyň geçiren barlaglarynyň netijesine salgylanmak bilen Gündogar Ýewropa ýurtlaryndaky orta ýaşdan ýokardaky ilatyň Günbatar Ýewropa ýurtlaryndaky ilat bilen deňeşdirilende öz durmuşlaryndan has nägiledigini belleýär.

Timoti Frýe 1990-njy ýyllaryň başlarynda ozalky kommunistik bloga degişli Gündogar Ýewropa ýurtlarynda hususylaşdyryş prosesiniň başky döwürlerinde aç-açanlygyň kemterlik etmegi, korrupsiýanyň we guramaçylykly jenaýatçylyklaryň derejesiniň bolsa ýokary bolmagy ýaly ýagdaýlaryň köp adamlarda talanmak duýgusyny döredendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG