Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada koalision hökümetiň darganlygy yglan edildi


Ukrainanyň parlementiniň spikeri ýurduň premýer-ministri Ýulia Timoşenkonyň koalision hökümetiniň parlamentde henizem köplügi emele getirýänligi subut edilmänsoň sişenbe güni darganlygyny yglan etdi.

Emma Timoşenko öz wezipesini dowam etdirer.

Ýurtda täze koalision hökümeti gurmak barada gepleşiklere başlanmazdan öň Timoşenkonyň hökümetine ynamsyzlyk sesiniň berilmegi we bu teklibiň parlamentde tassyklanmagy zerurdyr.

Bu ses berişligiň çarşenbe güni geçirilmegine garaşylýar. Parlament spikeri Wladimir Litwiniň beýanatyndan çen tutulsa, bu teklibiň parlamentde tassyklanmagy mümkin.

Timoşenko Litwini we “Biziň Ukrainamyz partiýasynyň” käbir agzalaryny koalision hökümeti bikanun esaslarda dargadanlykda aýyplady.

Koalision hökümet öňki prezident Wiktor Ýuşenkany goldaýan “Biziň Ukrainamyz” partiýasyndan we premýer-ministr Ýulia Timoşenkonyň tarapyny tutýan deputatlardan ybaratdy.
XS
SM
MD
LG