Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Eýran boýunça gepleşik geçirilmeginiň tarapdary


Hytaý Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly dartgynlygy gepleşikler arkaly çözmek üçin henizem mümkinçiligiň bardygyny aýtdy.

Bu pikiri Hytatyýň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Kin Gaň öňe sürdi. Onuň bu baradaky beýanaty rus liderleriniň Tähran barada öňe süren pikirleriniň yzýanyna gabat geldi.

Rus liderleri Halkara atom energiýasy agentliginiň talabyna laýyklykda Eýranyň urany baýlaşdyrmak işini togtatmanlygy üçin Tährana garşy täze sanksiýalar girizmek barada alnyp barylýan tagallar hakda pikirlenmäge Moskwanyň taýýardygyny aýdypdylar.

Käbir Günbatar ýurtlary Eýranyň urany baýlaşdyrmak arkaly ýadro ýaraglaryny öndürmäge synanyşýanlygyny aýdýarlar. Emma Tähran bu aýyplamalary ret edip, özüniň bu programmasynyň parahatçylykly maksatlara eýerýändigini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG