Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karadiçiň sud diňlenşigi yza süýşürildi


BMG-niň Uruş jenaýatlary boýunça sudy bosniýaly serbleriň öňki lideri Rydwan Karadiç bilen bagly diňlenşigiň ýene soňa goýlanlygyny yglan etdi. Onuň haçan başlanjakdygy barada anyk maglumat berilmedi.

Karadiç 1992-95-nji ýyllar aralygynda Bosniýada bolan çaknyşyk boýunça uruş we adamzada garşy jenaýat ýaly 11 wakada aýyplanýar.

Karadiç bilen bagly diňlenşik 4 aýlyk arakesmeden soň duşenbe güni gaýtadan başlanypdy.

Sudýalaryň öňünde sişenbe güni eden çykyşynda, Karadiç serbleriň musulman ýolbaşçylar tarapyndan gurnalan “döwlet terrorçylygynyň pidasy” bolandyklaryny aýtdy.

Karadiç, 13 ýyl bukulyp gezeninden soň, 2008-nji ýylyň iýul aýynda Belgratda ela salnypdy.

Eger Karadiçe ýöňkelýän aýyplamalar tassyklansa, Karadiçiň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG