Sepleriň elýeterliligi

Bu ýyl ors sportçularynyň işi oňmady


Bu ýylky olimpiada oýunlarynda ors sportçularynyň işi oňmady. Olar Wankuwerden diňe üç altyn medal bilen dolanyp geldiler. Onsoň, ine, 2014-nji ýylda gyş oýunlarynyň Orsýetde geçýänligini nazara alanyňda, bu ýagdaýyň hemmeleri lapykeç etjekdigi belli zat.

Düýn, 1-nji martda, telewideniýede eden çykyşynda prezident Medwedew bu ýagdaýyň düýpgöter üýtgemegini, bu işe başga adamlaryň getirilmelidigini aýtdy: “Muňa olimpiada oýunlaryna taýýarlyk işleriniň jogapkärçiligini öz üstlerine alan adamlar jogap bermeli. Bu bir belli zat. Meniň pikirimçe, taýýarlyk işlerini üstlerine alan adamlar indi batyrlyk edip, wezipe başyndan çekilmeli. Olardan şeýle çözgüt gelmese, bu işi etmäge olara biz kömek bereris”.

Medwedew jogapkär diýip, hiç bir adamyň adyny agzanok. Ýöne olimpiada toparynyň ýeten derejesi gowulanmasa, ýurduň sport ministri Witaliý Mutko bilen Orsýetiň Olimpiada Komitetiniň başlygy Leonid Týagaçýow wezipe başyndan aýrylmaly diýenler az bolmady.

Aslynda Orsýet, has dogrusy, Sowet Soýuzy, medal almakda mydama ilkinji orunlarda durýardy. Ol 1956-njy ýyl bilen 1988-nji ýyllaryň aralygynda geçen gyş olimpiadalarynyň dokuzysyndan ýedisinde birinji, ikisinde hem ikinji orny alypdy. Sowet Soýuzyndan soňky döwürde hem Orsýetiň bäşinji orundan aşaklan mahaly ýok.

“Şol öňki şanly taryh”

Moskwaly psiholog Olga Mahowskaýanyň pikiriçe, bu ýylky şowsuzlyklara kaýyl gelmegi kynlaşdyryp, adamlary kemsindirýän şol öňki şanly taryh.

“Gyş sportunda ýolbaşy roly oýnaýan hemişe bizdik. Ýöne indi bu däp biziň gözümiziň alnynda çöküp gelýär. Ýeňijilik şöhratyňy ýitirip, ýuwdunyp galmak aňsat iş däl. Biz ozal nähili kynçylyklar bolsa-da, öz deňsiz-taýsyz ugurlarymyza üns bermegi başarýandygymyzy bilýärdik. Ýöne indi munuň hakykata laýyk däldigini görýäris. Orslaryň aglabasy muňa, çagalar ýaly, özlerine berlen käýinç diýip düşünýär” diýip, Mahowskaýa aýdýar.

Medwedew hem öňki şan-şöhratyň gidenligini, indi oňa daýanmaly däldigini belledi: “Biz köp wagtlap Sowet döwründäki ýagdaýlara öwnüp gezdik. Belli bir nokatda olar soňlandy. Biz öňki Sowet sport mekdeplerini ýitirdik. Ony ideallaşdyrmaly däl. Ol indi ýok, gitdi. Indi hem sporta şunça pul goýberýänligimize garamazdan, öz mekdeplerimizi gurup bilmän gelýäris. Bu kabul ederliksiz, aýdyň fakt”.
XS
SM
MD
LG