Düýn Dubaýyň polisiýa edarasynyň başlygy Dahi Halfan Tamin şu ýylyň ýanwar aýynda Hamasyň söweşjeň lideriniň Dubaýda öldürilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça Ysraýylyň premýer-ministri bilen razwedka agentliginiň başlygynyň tussag edilmegini talap etjekdigini mälim etdi.
«El-Jezire» telewideniýesine beren interwýusynda Dubaýyň polisiýa edarasynyň başlygy Dahi Halfan Tamin Hamasyň söweşjeň lideri Mahmud al-Mabhuhyň Ysraýylyň agentleri tarapyndan öldürilendigine doly diýen ýaly ynamynyň bardygyny aýtdy.
Ol Hamasyň söweşjeň lideriniň Ysraýylyň agentleri tarapyndan öldürilendigi subut edilen halatynda, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu bilen ýurduň razwedka agentliginiň başlygy Meýr Daganyň tussag edilmegini talap etjekdigini belledi.