Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan talyplaryň hüjümleriniň göni efirde berilmegini gadagan edýär


Düýn Owganystanyň hökümeti talyplaryň hüjümlerini göni efirde görkezmekligi gadagan ediji täze düzgün barada has anyk gollanmanyň kabul ediljekdigini mälim etdi.

Hepdäniň duşenbe güni Owganystanyň Milli howpsuzlyk agentliginiň baş edarasy ýurduň žurnalistlerini maslahata ýygnap, ýaragly söweşijileriň hüjüm edýän wagty olary surata düşürjek islendik bir žurnalistiň tussag ediljekdigini aýdyp, duýduryş berdi.

Milli howpsuzlyk agentliginiň bu täze girizen düzgüni žurnalistleriň we ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň arasynda uly nägilelikleri döretdi.

Bu protestleriň yzy bilen, düýn Owganystanyň prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Wahid Omer çykyş edip, bu täze düzgün boýunça has anyk gollanmanyň kabul ediljekdigini we onda senzura ýol berilmejekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG