Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan çaga dogluşyny azaltmak üçin eneleri önelgesiz edýär


Düýn Özbegistandaky garaşsyz barlaglar topary Özbegistanyň häkimiýetleriniň bu ýurtdaky çaga dogluşyny azaltmak maksady bilen, eneleri medisina usuly arkaly önelgesiz etmek çärelerini ýola goýandyklary barada maglumat ýaýratdy.

«Ekspert işjeň topary» atly bu garaşsyz barlaglar topary we ynsan hukuklaryny goraýjy «Najot» atly topar Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň aýallary önelgesiz etmek barada medisina edaralaryna ýörite resmi görkezme berendigini tassyklaýarlar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy «Najot» atly topar eýýäm köpsanly aýallara mejbury ýagdaýda şeýle operasiýalaryň edilendigini aýdýar.

Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň resmileri Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň bu mesele baradaky soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler.

2005-nji ýylda aýallara garşy şular ýaly çäreleriň görülýändigi barada çykyş eden bir özbek aktiwisti hökümete garşy herketlerde aýyplanylyp, tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG