Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda geçen nobatdaky Döwlet howpsuzlyk geňeşinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek, ony liberallaşdyrmak boýunça ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna aýdan teklipleri aradaky köp soraglary aýdyňlaşdyrdy diýse bolar.

Jeza çäreleriniň 25 ýyldan 15 ýyla getirilmegi hem-de tussaglykda ýatan adamlaryň ýagdaýlaryny gowulandyrmak, neşe serişdesi bilen gaýtadan tutulýanlary möhletinden öň boşatmazlyk hakynda kanuna giriziljek üýtgetmeler, belki-de, Türkmenistanyň halkara kada-kanunlaryna golaýlaşýandygyny görkezýän alamatdyr.

Türkmenistan garaşsyzlyk alandan soň, Jenaýat kodeksi doly işlenip, 1997-nji ýylyň maýynda taýýar bolupdy. Oňa çenli Türkmenistan SSR-niň öňki Jenaýat kodeksi ulanylýardy. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1997-nji ýylda tassyklanan Jenaýat kodeksinde iň agyr jenaýat işi üçin 20 ýyl hem-de ölüm jezasy berilýärdi.

1999-njy ýylyň 29-njy dekabrynda geçen IX Halk Maslahatynda ölüm jezasyna moratoriý (wagtlaýyn saklamak) girizilmegi we ony ýerine ýetirmek doly gadagan edilensoň, iň agyr jeza 25 ýyl diýlip bellenilipdi.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen baglanyşykly şol ýylyň 30-njy dekabrynda geçen Halk Maslahatynda Saparmyrat Nyýazowyň teklibi bilen Jenaýat kodeksine düzediş girizilýär. Şol düzediş esasynda iň agyr jeza ömürlik tussaglyk diýlip yglan edilýär.

Başga döwletleriň praktikasyna seredeniňde, Türkmenistanda häzirki güne çenli hereket edip gelen jeza çäreleri liberala ýakyn diýlip hasap edilýärdi. Emma prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň jeza çärelerine düzedişler girizmek hakyndaky teklibi köplere Türkmenistan dogrudan-da demokratik ýola gadam basýar diýdirdi.

Sebäp näme?

Prezidentiň beýle liberal teklipleri orta atmagyna nämeler sebäp bolup biler?

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda halkara guramalary tarapyndan adam hukuklaryny gödek bozýanlykda aýyplanyp geldi.

Halkara ”Gyzyl ýarymaý” guramasynyň türkmen tussaghanalarynyň ýagdaýy baradaky soraglaryny, talaplaryny kanagatlandyrmazlygy, şonuň bilen birlikde-de S.Nyýazow tarapyndan tussag edilen dürli wezipedäki adamlaryň ykbalyna biparh garalmagy bu aýyplamalara esas bolup gelipdi. Indi bu mesele boýunça-da Türkmenistanyň öz garaýşynyň bardygyny aýdyp boljaga meňzeýär.

Jenaýat kodeksine giriziljek üýtgetmelerden ugur alsak, onda şu ýylyň maý aýynda Beýik ýeňşiň 65 ýyllygyna ýa-da Konstitusiýanyň kabul edilen gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň türmelerindäki tussaglaryň aglaba köpüsi prezidentiň permany bilen azatlyga çykar.

Biziň çakymyza görä, ol topara hökümetiň öňki iri çinownikleri bilen bir hatarda 2002-nji ýylda tussag edilen harby ofiserler hem-de şol ýylyň noýabr aýynda döwlet agdarlyşygynda aýyplanyp tussag edilen adamlaryň belli bir topary girer. Galanlarynyň-da şu ýylyň Garaşsyzlyk baýramçylygyna gabatlanyp, boşadylmagy mümkin.

Kanunlar häzirki depginde täzelenip kabul edilip gidilse, onda Türkmenistanyň Garaşyzlygynyň 20 ýyllygyna 2011-nji ýylda türkmen tussaghanalaryndan Saparmyrat Nyýazowyň döwründe tussag edilen adamlaryň hemmesiniň-de azatlyga çykmagy ahmal. Bu hem ilki bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe Türkmenistanda däl, eýsem halkara arenasynda-da abraýyny bir gez ýokary galdyrardy.

Gurbangeldi Töräýew türkmenistanly ykydysady we syýasy analitigiň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG