Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gün" - Günbatarda türkmen neşirýaty


Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy telekeçiligiň ugurlaryndan biri bolan hususy neşirýat işleri barada Şwesiýada ýaşaýan neşirýatçy Ak Welsapar bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Şwesiýada neşirýat açmak pikiri Sizde nädip döredi?

A.Welsapar: Bu pikir ençeme kösençlerden soň döredi. Men Şwesiýa 1994-nji ýylda geldim. Şol ýyl maňa öz ýurdunda yzarlanýan ýazyjy hem žurnalist hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň kwotasy boýunça syýasy gaçybatalga berildi.

Şwesiýa gelenimden soň men ýarym ýylda şwed dilini öwrendim. Munuň üçin gije-gündiz okamaly boldy. Soň okuwy öz hünärim boýunça dowam etdim. Dil öwrenemsoň, ilkinji sorag – bu ýurtda nädip öz kitaplarymy çykartmaly diýen sorag boldy. Munuň üçin, elbetde, neşirýat gerekdi. Türkmen dilinde kitap çykarýan neşirýatam, elbetde, Şwesiýada ýokdy.

Azatlyk Radiosy: Hawa, onsoň bu problemany nädip çözdüňiz?

Ak Welsapar
A.Welsapar:
Muny düşündirmek üçin öz geçen ýolumdan azajyk gürrüň bermeli boljak. Öň SSSR Ýazyjylar guramasynyň hem Ýazyjylaryň Halkara PEN-klubunyň agzasy bolamsoň, meni 1996-njy ýylyň başynda Şwed Ýazyjylar guramasyna kabul etdiler. Şondan soň men bada-bat öz kitaplarymy çap etmegiň ýollaryny agtaryp ugradym. Bu gözleg maňa örän köp zady öwretdi. Olaryň käbiri hakda aýtsa bolar.

Birinjiden: Şwesiýada islän kitabyňy çykarybermeli: hiç hili senzura ýa gadagançylyk ýok.

Ikinjiden: Türkmen dilinde kitap çykarjak bolsaň, ony özüň çapa taýynlamaly, sebäbi bu ýurtda türkmen neşirýaty ýok.

Üçünjiden: kitabyň ähli çykdajylaryny özüň çekmeli. Eger-de öz puluň bolmasa, onda grant gözlemeli. Grant berýän medeni edaralar, jemgyýetçilik guramalary kän, ýöne olaryň hiç biri saňa tanymal ýazyjy bolmasaň, entek çykmadyk kitabyň üçin pul berenok. Kitap çykansoň, onuň jemgyýetçilik gymmatynyň bardygy subut edilmeli. Grant berýän edaralar kitaby garaşsyz resenzentlere tabşyrýarlar, diňe şolar kitabyň edebi-çeperçilik gymmatyna güwä geçse, şondan soň grant almaga mümkinçilik döreýär.

Azatlyk Radiosy: Size bu basgançaklary geçmek başartdymy?

A.Welsapar: Hawa, meniň işim şowly boldy. Sebäbi öň sowet döwründe neşirýatda işlämsoň, neşirýat işi maňa gowy tanyş. Onsoň özüm çapa taýynlap, 1996-njy ýylyň dowamynda Şwesiýada iki sany kitabymy çykardym. Olaryň biri "Ak öý" atly goşgular kitaby, ikinjisem ozal 1992-nji ýylda Türkmenistanda gadagan edilen "Mülli Tahyryň hudaýlygy" atly romandy. Romana soňra grant berildi, goşgular kitabynyň çykdajysyny bolsa özüm çekmeli boldum.

Ine, şu ädimler meniň emigrasiýada kitap çykarmak boýunça gazanan ilkinji gymmatly tejribäm boldy. Şondan soňam Şwesiýada türkmen neşirýatyny açmagy ýüregime düwdüm.

Azatlyk Radiosy: Neşirýaty açmazdan öň näme etdiňiz?

A.Welsapar: Ilki men Şwesiýadaky bu ugurdan bar bolan kanunlary öwrendim. Ilkinji öwrenen zadym: senzura ýok ýerinde kitabyň mazmunyna ony çykaran adamyň jogap berýänligi. Islendik awtor öz kitabyny özi taýýarlap öz hasabyna islendik çaphanada çap etdirip bilýär. Ýöne çaphana kitabyň mazmunyna jogakär däl, ol onuň diňe tehniki tarapyna jogapkär. Kitabyň mazmunyna neşirýatda çykan bolsa, şol neşirýat, ýogsa-da awtoryň özi jogap berýär.

Kitap çykandan soň, eger onda ýurduň Metbugat hakyndaky kanunynyň maddalaryna ýa-da Jenaýat Kodeksine garşy gidýän faktlaryň bardygynyň üsti açylsa, mesele-de suda baryp ýetse, neşirýat ýa-da kitaby özbaşyna taýynlap çap etdiren adam suduň öňünde jogap bermeli. Ýöne eger-de kitapda jynsy, dini, milli we etniki duşmançylyga çagyryş, urşy wagyz edýän, şahsyýetiň garşysyna jenaýat derejesindäki töhmetçilikli zatlar bolmasa, ol kitap bilen häkimiýetleriň asla işi ýok.

Gepiň gysgasy, bu ugurdan gerekli kanunlary hem işiň praktiki taraplaryny öwrenmäge birnäçe ýyl sarp boldy. Men ýene-de üç-dört kitabymy özüm taýýarlap, dürli çaphanalarda çap etdirdim. Ýüzugra-da geljekde türkmen neşirýatyny açmak üçin zerur bolan tejribäni topladym. Şeýdibem ahyrsoňy ähli gerek zatlary ilik-düwme öwrenemsoň, 2004-nji ýylda Şwesiýada Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky ilkinji erkin türkmen neşirýaty bolan "Gün" neşirýatyny açdym.

Azatlyk Radiosy: Neşirýat bilen bagly işler düşewüntlimi?


A.Welsapar: Ýurduň öz dilinde kitap çykarylsa, elbetde, neşirýatam edil beýleki ugurlar ýaly düşewüntli bolup biler. Emma, mysal üçin, Şwesiýada türkmen dilinde kitap çykarsaň, onuň girdeji bermejegi öz-özünden düşnükli. Diýmek, bu iş ideal iş, ony diňe edebiýata hem öz halkyna wepaly adamlar edip bilerler. Şonuň üçinem daşary ýurtlarda neşirýat açyp, türkmençe kitap çykarjak adamlar öňünden ähli kynçylyklara döz gelmäge taýyn bolmaly.

Biz bu kynçylyklary belli bir derejede ýeňip geçmäni öwrendik. Sebäbi biz diňe türkmen dilinde däl-de, eýse ýerli halkyň dilinde, ýagny şwedçe-de kitap çykarýas we şondan gelýän girdejiniň hasabyna-da türkmençe kitaplaryň çykdajylaryny ödeýäris.

Azatlyk Radiosy: Maliýe ýetmezçiligi duýlan halatynda dürli grant kömekleri ýa-da amatly kredit karz almak mümkinçiligi barmy?

A.Welsapar: Kredit, ýagny karz puly banklar näçe diýseň berýäler, ýöne ony soňra rentasy, ýagny göterimi bilen gaýdyp bermeli. Granty bolsa, diňe gowy kitaplary çykaryp, alyp bolýar. Bu ugurda "Gün" neşirýaty özüniň hakyky professional derejede işleýändigini subut etmegi başardy. Şonuň üçinem biziň şwed dilinde çykarýan kitaplarymyz özünem ödeýär, azda-kände girdejem berýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda öz neşirýatyny açmak isleýänlere näme maslahat berip bilersiňiz?

A.Welsapar:
Neşirýat açjak adam ilki bilen Metbugat hakyndaky kanunlary öwrenmeli. Soňra geljekki neşirýatyň maliýe meselelerini çözmeli. Türkmenistanyň banklary karz berýän bolsa, bu çözmez ýaly mesele däl. Ýogsa-da, medeni işler üçin karz berýän Halkara hem Ýewropa banklary bar, şolardanam has amatly şertlerde kredit alyp bolýandyr. Soňra tehniki hem döredijilik işgärlerinden sowatly işgärleriň toparyny düzüp, bilelikdäki işe başlabermek galýar. Elbetde, taýyn kitaplary satmak meselesini hem öňünden çözüp goýmaly.

Türkmenistanda ene dilimizde kitap çykarmak türkmen neşirýaty üçin, elbetde, uly bagt. Munuň üçin ýetmeýän zat – ýurtda Metbugat azatlygynyň bolmagy hem deslapky senzuranyň ýatyrylmagy. Şol meseleler çözülse, "Gün" neşirýaty hem geljekde Türkmenistanda öz filialyny açar. Biz öz işimizi Türkmenistanda alyp barmak üçin ýurtda halkara standartlaryna gabat gelýän zerur kanunlaryň kabul edilmegine garaşýarys.
XS
SM
MD
LG