Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji oppozisiýa lideri Moskwa sapar edýär


Gürjüstanyň oppozision “Bitewi Gürjüstan partiýasynyň” lideri Nino Burjanadze rus wekilleri bilen gepleşik geçirmek üçin şu gün Moskwa sapar edýär. Bu habary Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugy ýaýratdy.

Gürjüstanyň parlamentiniň öňki spikeri hem bolan Burjanadze Moskwada kim bilen duşuşjakdygy hakda takyk maglumat bermedi.

Ol Tbilisi aeroportynda şu gün žurnalistlere beren interwýusynda özüniň “uly öwrülişik” barada iş alyp barýanlygyny aýtdy.

Ol mundan öňki eden çykyşlarynda Gürjüstanda ýolbaşçylary saýlawlar arkaly uýtgedip bolmajakdygyny, şonuň üçin ilki bilen prezident Saakaşwili wezipesinden çekilmäge mejbur edilip, ondan soňra saýlawlaryň geçirilmelidigini belläpdi.

2008-nji ýylyň awgustynda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda bolan harby çaknyşykdan soň gürji oppozisiýa lideriniň Moskwa sapar etmegi gaty ynjyk mesele bolup durýar.
XS
SM
MD
LG