Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa maliýe krizisiniň öňüni almak üçin pensiýalary ýatyrdy


Gresiýanyň hökümeti pensiýalary ýatyryp, nebite, çilime we alkogolly içgilere bolan salgydy artdyrýanlygyny yglan etdi. Bu krizis bilen bagly 4.8 milliard ýewroluk maliýe planynyň çäginde kabul edilen karardyr.

Gresiýa häzirki döwürde 12,7 % býujet ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup dur. Bu ýurduň bergisiniň möçberiniň 300 milliard ýewro barabardygy aýdylýar.

Gresiýanyň premýer-ministri Jorj Papandreou şu günki eden çykyşynda ykdysady krizisden çykalga tapmak üçin Afinynyň Ýewropadan raýdaşlyga garaşýanlygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi bu problemanyň hötdesinden gelmek üçin Gresiýanyň öz serişdelerine bil baglamalydygyny aýdyp, ýewronyň durnuklylygyny goramak üçin Brýusseliň çäre görjekdigini belledi.

Gresiýadaky ykdysady ýagdaýlar zerarly soňky döwürlerde ýewronyň hümmeti pese gaçdy.
XS
SM
MD
LG