Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýokary derejeli wekilini kabul etdi


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstary kabul etdi.

Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Jemgyýetçilik aragatnaşyklary bölüminiň wekili William Stiwens Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Jenap Stiwens şol gepleşikleriň dowamynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky energiýa boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdirilmegi barada ýolbaşçylaryň pikir alyşanlygyny belledi.

Ilçi Riçard Morningstaryň Türkmenistana edýän sapary 4-nji martda tamamlanar.

XS
SM
MD
LG