Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Olimpiýa Komitetiniň başlygy wezipesinden çekildi


Wankuwerde geçen gyşky olimpiýa oýunlarynda Orsýetiň sportsmenleriniň pes netijeleri görkezmeginiň yzy bilen, düýn ýurduň Olimpiýa Komitetiniň başlygy Leonid Týagaçýow öz wezipesinden çekildi.

Orsýetiň Olimpiýa Komitetiniň metbugat sekretary Gennadiý Şwets Leonid Týagaçýowyň meýletinlik bilen wezipesinden çekilýändigi barada arza gol çekendigini aýtdy.

Bu wakanyň öňýany, şu hepdäniň duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň sportsmenleriniň gyşky olimpiadada ýaramaz netijeleri görkezendiklerine öz nägileligini bildirip, bu sportsmenleri olimpiada taýýarlan degişli ýolbaşçylaryň öz wezipelerinden çekilmelidiklerini nygtapdy.

Wankuwerdäki olimpiadada orsýetli sportsmenler komandalyk görkezijiler boýunça 11-nji ýeri eýelediler.
XS
SM
MD
LG