Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalisti öldüren milisiýa ofiseriniň boşadylmagy ýazgarylýar


Düýn ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Inguşystanda žurnalist Magomed Ýewloýewi atyp öldüren milisiýa ofiseri Ibragim Ýewloýewiň tussaglykdan boşadylmagyny ýazgaryp çykyş etdiler.

Milisiýa ofiseri Ibragim Ýewloýew 2008-nji ýylyň awgustynda Inguşystandaky iň bir tanymal oppozision web saýtlardan biriniň redaktory Magomed Ýewloýewi atyp öldüripdi. Sud munuň üçin Ibragim Ýewloýewe 2 ýyl türme tussaglygyny berdi.

Ýöne bu tussaglyk möhletiniň üç aýyny türmede oturansoň, düýn Inguşystanyň sudy ony şertli tussaglyk düzgüni esasynda erkinlige goýberdi.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän žurnalistleriň hukugyny goraýjy halkara Komiteti düýn suduň bu kararyny ýazgaryp ýaýradan beýanatynda jenaýatçy babatynda ulanylan beýle ýumşak çäräniň geljekde Orsýetdäki žurnalistlere garşy zorluklaryň has-da artmagyna sebäp bolmagynyň mümkindigini belläpdir.
XS
SM
MD
LG