Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň Baş prokuraturasynyň sülçisini howpsuzlyk işgärleri tussag etdi


Düýn korrupsiýa bilen baglanyşykly Belarusyň käbir ýokary derejeli çinownikleriniň işi boýunça derňew alyp barýan belarusly sülçi Swetlana Baýkowa tussag edildi.

Belarusyň Baş prokuraturasynyň sülçüsi Swetlana Baýkowanyň ýurduň Döwlet howpsuzlyk komiteti tarapyndan tussag edilendigi barada maglumat alyndy.

Ýurduň Baş prokuraturasy onuň tussag edilenini tassyklady, emma we bu barada jikme-jik maglumat bermekden welin saklandy.

Maglumata görä, Swetlana Baýkowa soňky wagtlar Belarusyň Döwlet howpsuzlyk komitetiniň käbir ýokary derejeli resmileriniň korrupsiýa bilen baglanyşykly işi boýunça derňew işlerini alyp barýan eken.

Baýkowa Belarusyň Içeri işler ministrliginiň ofiserleriniň işini derňemekdäki aktiw roly bilen hem tanalýan sülçi.
XS
SM
MD
LG