Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Aral boýunça Memoranduma gol çekişildi


Düýn Birleşen Milletler guramasynyň Aşgabatdaky Regional merkezinde Birleşen Milletler guramasy bilen Araly halas etmek boýunça Halkara fondunyň arasynda özara düşünişmeklik Memorandumyna gol çekildi.

BMG-niň prewentiw diplomatiýa boýunça Aşgabatdaky Regional merkezi bu gol çekilen Memorandumyň regional hyzmatdaşlygy berkitmek, Aral deňziniň töwereklerinde ekologiýany we sosial-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak, şeýle hem regiondaky ähli ýurtlaryň bähbitlerini göz öňünde tutup, suw resurslaryndan peýdalanmaklygyň özara bähbitli mehanizmlerini işläp düzmek ýaly maksatlary göz öňünde tutýandygyny aýdýar.

Bu maksatlar boýunça Birleşen Milletler guramasynyň degişli bölümleri bilen özara hyzmatdaşlyk etmek barada geçen ýylyň aprelinde Araly halas etmek boýunça Halkara fondunyň geçiren sammitinde ylalaşyga gelnipdi – diýip, «TurkmenistanRu» internet gazeti habar berýär.
XS
SM
MD
LG