Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki ýol heläkçiligi skandala sebäp boldy


Orsýetde ýokary elitalara gezek gelende «ýol düzgüni» diýilýän düzgünler işlemeýär. Ýöne ýakynda ýurduň Lukoýl nebit kompaniýasynyň wise-prezidenti Anatoliý Barkowy alyp barýan maşyn sebäpli ýüz beren ýol heläkçiliginde iki aýalyň ölmegi bu problema nobatdaky gezek jemgyýetçiligiň ünsüni çekdi.


Rus repçisi Noize MC bu wideony Lukoýlyň wise-prezidenti Anatoliý Barkowa we Lukoýl kompaniýasyna protest bildirmek üçin döretdi. Bu ýerde agzalýan ýol heläkçiliginden alnan suratlar hem bar.

25-nji fewralda Moskwada Lukoýlyň wise-prezidenti Anatoliý Barkowy alyp barýan «Mersedes» başga bir ýeňil maşyny kakanda, ol ýeňil maşyndaky iki akuşer lukmanyň ikisem heläkçiligiň pidasy boldy.

Maşyny sürüp barýan Olga Aleksandrina 36 ýaşyndady, onuň ýanynda oturan beýleki bir zenan Wera Sidelnikowa bolsa 72 ýaşyndady.

Anatoliý Barkow bilen onuň sürüjisi bu ulag heläkçiginde ýüzleý ýara bilen gutuldylar.

Kim günäkär?

Milisiýa işgärleri bu awtomobil çaknyşygynda wakanyň pidasy bolan Olga Aleksandrinany günäkärleýärler. Milisiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, hamala, Olga Aleksandrina transport ýolunda garşydan gelýän maşynyň liniýasyna geçipmiş.

Emma wakanyň gözli şaýatlary Barkowyň «Mersedes» maşynynyň ýolda dörän transport bökdençliginden sowlup geçmek üçin düzgüni bozup, garşydaky liniýa geçendigini tassyklaýarlar.

Düýn şu bolan waka bilen baglanyşykly Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasynda Olga Aleksandrinanyň kakasy Sergeý çykyş etmäge gelen şaýatlara öz minnetdarlygyny bildirdi: «Men bu bolan waka barada nähilidir maglumat bermäge çalyşýan adamlara uly sag bolsun aýtmak isleýärin. Köp sag boluň. Sebäbi biz häkimiýetleriň bu waka barada hiç hili maglumat bermek islemeýänligini görýäris».

Olga Aleksandrinanyň aýal dogany Anastasiýa öz maşgalasynyň we öz adwokatlarynyň bu bolan transport heläkçiligi boýunça Orsýetiň Sürüjiler Federasiýasy bilen habarlaşyp durandyklaryny we eýýäm bu wakany gözi bilen gören üç sany şaýadyň tapylandygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, şol şaýatlaryň üçüsem Lukoýlyň wise-prezidenti Anatoliý Barkowyň sürüjisiniň düzgüni bozup, garşydaky ýola geçendigini tassyklapdyr.

Olga Aleksandrinanyň maşagala adwokaty Igor Trunow milisiýa edarasynyň bu bolan transport heläkçiligi barada hiç hili maglumat we subutnama bermek islemeýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol hatda wakanyň bolan ýerindäki wideo ýazgylarynyň hem ýitirim bolandygyny nygtady: «Ol ýol federal transport ýoly. Onda ýazga alýan üç sany wideo sistema bar. Eýsem, bu üç wideo sistemasynda hiç hili ýazgy bolman bilermi? Eger şeýle ýazgy ýok bolsa, diýmek, munuň özi biziň adalatlylyga örän kynlyk bilen ýetip biljekdigimizi görkezýän äşgär alamatdyr».

Jemgyýetçilik gaharly

Bu bolan waka ýokary wezipeli çinownikleriň ýol-transport düzgünlerini bozmaklary we adaty adamlaryň janyny howp astyna salmaklary bilen baglanyşykly bar bolan jemgyýetçilik gahar-gazabyny has-da artdyrdy.

Orsýetiň Lukoýl kompaniýasy bu bolan waka barada kommentariýa bermek islemedi. Ýurduň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Lukoýl nebit kompaniýasy kompaniýanyň wise-prezidenti Anatoliý Barkowyň ulagy sebäpli ölen aýallaryň maşgalalaryna kompensasiýa tölemekden hem ýüz öwrüpdir. Wakada heläk bolan Olga Aleksandrinanyň yzynda bolsa gyz bäbegi bilen inwalid äriniň galandygy habar berilýär.

Bu transport heläkçiliginde aradan çykan iki aýalyň maşgala agzalary öz ýazan açyk hatlarynda transport heläkçiligi barada milisiýa edarasynyň resmi hasabatyny ýalan diýip hasaplaýandyklaryny we bu iş boýunça suda ýüz tutjakdyklaryny nygtapdyrlar.

Bu açyk hatda transport heläkçiliginde günäli adamlaryň nähili baýdyklaryna ýa-da nähili ýokary sosial statusdaky adamlardyklaryna garamazdan, olaryň kanuna laýyklykda öz jezalaryny çekmelidikleri aýdylýar.

Bu bolan waka gahar-gazap bildiren köp sürüjiler Lukoýlyň benzin stansiýalaryndan benzin satyn almaklaryny bes etmekleriniň mümkindigini duýduryp, maglumat ýaýratdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG