Sepleriň elýeterliligi

Strasburgdaky sud “Ýukosyň” işine seredip başlady


4-nji martda Stasburgda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Ýewropanyň sudunda Orsýetiň “Ýukos” kompaniýasynyň rus hökümetine garşy eden şikaýaty boýunça iş prosesi öz işine başlady.

“Ýukos” kompaniýasy özlerine Orsýetde işlemäge mümkinçilik berilmändigini aýdyp, Orsýetiň hökümetini Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça 1950-nji Konwensiýasyny bozanlykda aýyplaýar.

Rus häkimiýetleriniň hereketleri netijesinde çeken ýitgileriniň öwezini dolmak üçin bu kompaniýa 98 milliard dollaryň tölenmegini talap edýär. Bu ýagdaý Starsburg sudunyň taryhynda iň ýokary san bolup durýar.

2006-njy ýylda häkimiýetler birnäçe millard dollary salgyt hökmünde tölemegi talap edeninden soň, “Ýukos” kompaniýasy özüniň batandygyny yglan etdi.

Bu kompaniýanyň ýolbaşçysy Mihail Hodorkowskiý galplyklar hem salgyt tölemekden boýun gaçyrandygy üçin 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Onuň tarapdarlary Hodorkowskiniň syýasy matlaplar esasynda tussag edilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG