Sepleriň elýeterliligi

4 nemes raýaty Amerika garşy hüjüm gurnanlykda aýyplandy


Germaniýanyň sudy 4 raýatyny ABŞ-na garşy hüjümi gurnamaga synanyşanlykda aýyplap, olary 12 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm etdi.

Olaryň ikisiniň Yslamy kabul eden nemeslerdigi, beýleki ikisiniň bolsa türk milletli Germaniýanyň raýatlarydygy habarda aýdylýar.

2007-nji ýylda tussag edilen şol jenaýatçylar özleriniň Germaniýada ABŞ-nyň raýatlaryna we bu ýurduň guramalaryna garşy terror hüjümlerini gurnamaga synanyşandyklaryny boýun aldylar.

Olaryň ikisine 12 ýyl iş kesildi, birine 11 ýyl. Ýene biri bu terror toparyna ýardam berendigi üçin 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
XS
SM
MD
LG