Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň delegasiýasy Türkmenistana sapar edýär


3-nji martda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistana sapar edýän missiýasy türkmen Mejlisinde duşuşyk geçirdi.

Bu barada türkmen metbugatynda berilen maglumatlarda Ýewropada howpsuzlyk hem hyzmatdaşlyk guramasynyň türkmen jemgyýetçiligini demokratiýalaşdyrmak boýunça prosesi goldaýanlygy aýdyldy.

ÝHHG-niň delegasiýasy ýurduň Daşary işler ministrliginde, prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutda, Tebigaty goraýyş ministrliginde gepleşikler geçirdi.

4-nji martda bu delegasiýanyň Mary welaýatyna sapar edýandigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG