Sepleriň elýeterliligi

Her güni ömrüniň soňky güni bolup biler...


Damgan uniwerstetiniň studenti, 20 ýaşly Mohammad Amin Walian üçin her bir gün ömrüniň soňky güni bolup bilýär. Oppozision internet sahyplarynyň ýazmagyna görä, dardan asylmaly diýlip çykarylan karary bir şikaýat sudy tassyklapdyr.

Öten ýyl geçirilen jedelli prezidentlik saýlawlary sebäpli turan protestlerden soň iň bärsinden 11 adam ölüme höküm edildi. Walian şolaryň biri.

“Oňa Moharebehde, ýagny hudaýyň garşysyna uruş alyp barmakda günä bildirildi. Bu hem Eýranda iň agyr günä. Walian bir aýdyň düşünjeli ýaş, syýasy taýdan aktiw student. Ol protestlere gatnaşypydyr, ýolbaşçy-ha däl. Ýöne daş atyp durka surata düşürilipdir. Oňa şol suratlaryň esasynda hem şu günä bildirildi” diýlip, Eýranda Adam Hukuklary Baradaky Halkara Kampaniýanyň sözçüsi Aaron Rhodes aýdýar.

“Eýranyň ýaşyl sesi” atly internet sahypasyň ýazmagyna görä, Walian bir dindar maşgalada önüp-ösen. Onuň alyp baran işlerinde hiç haçan kanundan çykma bolmandyr. Sahypa şeýle hem Walianyň Eýranda bikanun diýip gadagan edilen toparlar ýa guramalar bilen subut edilen ilteşiginiň ýokdugyny ýazýar.

Damgan şäherindäki uniwersitetiň reformaçy ”Yslam birleşiginiň” agzasy Walian saýlawda ýeňlişe uçran oppozision ýolbaşçy Mir Hossein Musewiniň tarapdary.

Walianyň haçan tutulandygy belli däl, ýöne ol fewral aýynyň başlarynda sud öňüne getirildi.

“Ahlagyň düýpgöter depelenmegi”

Rhodes oňa ölüm höküminiň berilmegini “ahlagyň düýpgöter depelenmegi” diýip häsiýetlendirýär: “Bu beýleki studentleri, onuň ýaly özüniň iň bärkije adam hukuklaryndan we syýasy hukuklaryndan peýdalanmak isleýän ýaşlary gorkuzmak üçin edilýän iş. Beýlekiler hem, kim-de bolsa, şeýle aýyplanyp, höküm çykarylyp, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýär”.

Tanymal adam hukuklary boýunça adwokat Abdol Fatah Soltaninyň Farda Radiosyna beren bir interwýusynda aýtmagyna görä, Eýranyň sud häkimiýetleri Moharebeh günäsinden galp peýdalanýarlar.

“Protestlerde tutulanlaryň hiç birine Moharebehde günä bildirip bolanok. Sebäbi olar parahatçylykly demonstrasiýa gatnaşan adamlar. Olar öz graždan hukuklarynyň yzynda. Moharebeh üçin zerur şert biriniň eline ýarag alyp, adamlara hüjüm etmegi, pitne turuzmagy” diýip, Soltani belleýär.

Eýranda 28-nji ýanwarda Moharebehde günälenip, iki adam dardan asyldy. Bularyň biri Mohammad Reza Ali Zamani, beýlekisi hem Araş Rahmani Pur. Aýdylyşyna görä, bular Yslam režimini agdarmagy maksat edinen bir monarhistik toparyň agzalarymyş.
XS
SM
MD
LG