Sepleriň elýeterliligi

Özbek-gyrgyz serhedinde bir özbek raýaty atylyp öldürildi


Düýn Özbegistan bilen Gyrgyzstanyň aralygyndaky «Aýrybaz» atly serhet geçelgesiniň golaýynda bir özbek raýaty atylyp öldürildi.

Gyrgyzstanyň Serhet gorag gullugynyň başlygynyň orunbasary Çolponbek Turusbekow düýn Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu wakada gyrgyz serhetçileriniň serhet geçelgesinde saklanmakdan ýüz öwren bir ýeňil maşynyň sürüjisini atyp öldürendiklerini aýtdy.

Bu gürrüňi edilýän serhet geçelgesi Batken raýonynda ýerleşýär. Çolponbek Turusbekow bu bolan waka boýunça ýörite komissiýanyň derňew işlerini geçirjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG