Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç Moskwa resmi sapara barýar


Şu gün Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Wiktor Ýanukowiç ýurduň prezidenti hökmünde ilkinji gezek Orsýetiň paýtagty Moskwa resmi sapara barýar.

Onuň saparynyň dowamynda Moskwada geçiriljek gepleşiklerde esasan Orsýetden satyn alýan gazy üçin Ukrainanyň tölemeli bergileri bilen baglanyşykly meseleler barada gürrüň ediler diýlip garaşylýar.

Ýakynda Wiktor Ýanukowiçiň Ukrainanyň NATO agza bolmajakdygyny nygtap çykyş etmegi Orsýetiň häkimiýetleri tarapyndan ýakymly garşy alnypdy.
XS
SM
MD
LG