Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa sudy “Ýukosyň” şikaýatyna garaýar


Adam Hukuklary boýunça Ýewropa sudy “Ýukos” nebit kompaniýasynyň Orsýetiň hökümetiniň üstünden eden şikaýatyna garamaga girişýär, 4-nji mart, 2010-njy ýyl.

Adam Hukuklary boýunça Ýewropa sudy “Ýukos” nebit kompaniýasynyň Orsýetiň hökümetiniň üstünden eden şikaýatyna garamaga girişýär, 4-nji mart, 2010-njy ýyl.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy düýn "Ýukos" nebit kompaniýasynyň Orsýetiň hökümetiniň üstünden eden şikaýatyna garap, ýörite diňlenişik geçirdi.

Mundan birnäçe ýyl ozal tozdy diýlip yglan edilen “Ýukos” nebit kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçylary Orsýetiň hökümetini bu kompaniýanyň biznes işlerini çakdanaşa agyr salgyt jerimeleri bilen bikanun ýagdaýda togtatmakda aýyplaýarlar.

“Ýukosyň” ozalky ýolbaşçylary Orsýetiň hökümetinden öz çeken ýitgileriniň öwezini dolmek üçin 98 milliard dollar tölemegi talap edýärler. Munuň özi soňky 50 ýylyň dowamynda bu ýurduň taryhyndaky iň uly kompensasiýa talabydyr.

Talapçylaryň hukugyny goraýjy adwokat Piers Gardner düýn sud diňlenişiginiň yzy bilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Orsýetiň häkimiýetleriniň “Ýukos” kompaniýasyna adalatsyz derejede uly salgyt jerimesini salandygyny nygtady.

Ol häkimiýetleriň bu temmi çärelerini amala aşyrmakdaky agressiwliginiň hem örän uly adalatsyzlyk bolandygyny aýtdy: «Şu gün sudda nygtalan ikinji bir mesele – bu kompaniýa garşy amala aşyrylan çäreleriň tizligi, ýagny, başgaça aýtsak, çäre görüş proseduralarynyň çakdanaşa agressiwligi barada boldy».

Mihail Hodorkowski
Öz döwründe Orsýetde iň uly nebit kompaniýasy bolan “Ýukos” nebit kompaniýasy 2006-njy ýylda bu kompaniýa garşy millardlarça dollarlyk salgyt jerimesiniň salynmagynyň yzy bilen ol bankrot boldy diýlip yglan edildi. ”Ýukosyň” resmileri bu jerime çäresini kompaniýany esaslandyryjy Mihail Hodorkowskiniň syýasy ambisiýalary üçin oňa berlen jeza çäresi hökmünde häsiýetlendirýärler.

Şol wakanyň yzy bilen salgyt galplyklarynda aýyplanylyp tussag edilen Mihail Hodorkowskä Orsýetiň sudy sekiz ýyl türme tussaglygyny berdi. Ol özüniň bu tussaglyk möhletini häzir Sibir regionynyň türmesinde geçirýär. Ýöne Hodarkowskä garşy täze gozgalan jenaýat işi boýunça ol ýene günäli tapylsa, onuň ýene goşmaça 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi-de mümkin diýlip garaşylýar. Hodarkowskiý özüne bildirilýän bu jenaýat aýyplamalaryndan hem şikaýat edip, Adam hukuklary boýunça Ýewropa suduna ýüz tutdy.

“Oňyn alamat”

“Ýukosyň” ozalky wise-prezidenti, häzirki wagt Londonda ýaşaýan Aleksandr Temerko Ýewropa sudunyň öz şikaýatlaryny kabul etmegine oňyn alamat hökmünde garaýandygyny aýtdy: «Strasburgyň sudy eýýäm biziň şikaýatymyzyň kabul ederliklidigi barada karar çykardy. Elbetde, Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudunyň garajak meselesi esasan “Ýukosa” garşy ulanylan kanunçylygyň we basyşlaryň syýasy matlaplara esaslanyp-esaslanmandygy baradaky mesele bilen baglanyşykly bolar. Ýagny, biziň işimizde sud seljerişliginiň esasy prinsipleri bozulypdy».

Ýewropa sudy häzirki sud diňlenişiginiň dowamynda “Ýukos” kompaniýasyna we Mihail Hodorkowskä garşy Orsýetde alnyp barlan sud proseslerinde, şeýle hem “Ýukosyň” öz önümçilik birleşmelerini «Ýugansk-neftegaz» kompaniýasyna satmaga mejbur bolmagynda kanunçylygyň bozulyp-bozulmandygyny seljerer.

2007-nji ýylda Ýewropa sudy Mihail Hodorkowskiniň biznes ýarany Platon Lebedewiň hukuklaryny bozmakda Orsýetiň hökümetini günäli tapdy we hökümetiň oňa uly bolmadyk möçberde kompensasiýa tölemelidigi barada karar çykardy.

Ýewropa sudunyň häzirki diňlenişigi mundan öň iki gezek yza süýşürilipdi. Muňa bolsa Orsýetiň hökümet resmileriniň bu suda barmazlyklary sebäp boldy. Käbir synçylar bu waka Orsýetiň hökümetiniň häzirki sud prosesi bilen baglanyşykly aladalanmasy hökmünde baha berýärler.
XS
SM
MD
LG