Sepleriň elýeterliligi

Millilikden – milletçilige…


SSSR dargansoň, ozalky sowet respublikalarynyň ýerinde emele gelen garaşsyz döwletlere öz milli däp-dessurlaryna, diline, taryhyna dolanmaga uly mümkinçilikler döredi.

Türkmenistan hem 1990-njy ýylda türkmen diline döwlet statusyny berdi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda sowet döwründe çap edilmedik edebi eserleriň, dessanlaryň okyjylarymyza gowuşmagyny uly şowhun bilen garşylapdyk. Türkmen halysynyň, atynyň, bagşysynyň resmi baýramçylyk gününe öwrülmegi arzuwlarymyza ganat beripdi.

Emma ol ganat bizi has galkyndyrdymy ýa-da ýok, bilmedim, ýöne basym çenden geçilenine düşündim. Günbatarly bir akyldaryň “Millilikden milletçilige bir garyşdyr“ diýip aýdyşy ýaly, biz şol garşy unudyp, häzirki gün milletçilige hem gelip ýetäýdik öýdýän.

Hemme zatda “türkmençilik” bolmaly, gelin-gyzlarymyzyň geýimleri milli, iş ýerlerimiz diňe türkmenleriňki, milleti türkmen bolmasa ýokary okuwa-da, sport oýunlaryna, geçirilän uly çärelerede kabul etmegi gadagan edip, “Myhman ataňdan uly” diýen nakyly unudyp, ýurdumyzda özümizden başga milleti äsgermän ýaşamagymyz bize nämäni ýatladýar? Eýsem, bu sypatlar “biz arassa ariýler” diýip, XX asyryň ortalarynda dünýä jar eden nemes ideologyny ýada salýan-a däldir?

Ýa-da Eýranda 1979-njy ýylda bolup geçen Yslam rewolýusiýasyndan soň, diniň arkasyna bukulyp, hökümet tarapyndan 7-den 70 ýaşa çenli ähli aýal-gyzlaryň gara bürenjek bürenmäge mejbur edilmegi, ol hökümiň hat-da ýurda gelýän myhman aýal-gyzlara-da degişli edilmegi, ynsan hukuklarynyň depelenmegine getirmeýärmi? Eger-de biz aýal maşgalalara gul ýa gyrnak hökmünde garamaýan bolsak, onda bu pikir bilen ylalaşmalydyrys.

Saparmyrat Nyýazowyň höküm süren ýyllary biziň gelin-gyzlarymyzyň geýimlerini millileşdirmek bahanasy bilen çagalar bagyndaky gyzjagazlardan başlap, ýokary okuw jaýlarynda okaýan we olary okadýan mugallym zenanlara çenli hemmesine bir reňkde we nagyşda tahýadyr-ýeňsizleri zorluk bilen geýdirdi. Eger-de kimde-kim ony geýmese, onda okuwyndan ýa-da işinden mahrum bolýardy. Ol döwürler her kim gorkusyna arza-şikaýat hem edip bilmeýärdi.

Gynandyrýan ýeri…

Türkmenistanda täze prezidentiň saýlanmagy bu elhenç, orta asyrlara mahsus zorlukdan dynylar öýdüldi. Emma, gynandyrýan ýeri, bu ýagdaýyň häzirki güne çenli dowam edip gelýänligidir.

Öňler diňe baýramçylik günleri milli egin-eşik geýmegi talap edilýän bolsa, häzir ol adaty günlere öwrüldi. Artistlaryň sahna çykmazyndan öň, hudožnik-grimçiden oturtma saçlary alyp geýşi ýaly, bu günler talyp gyzlaryň aglaba köpüsi dükanlardan emeli saçlary alyp, iki örüp ony mejbury dakynýarlar. Bu mesele barada gyzlary ýekelikde gürledäýseň “daşy jäjek, içi möjekdir“.

Name üçin biziň gyzlarymyza milli geýimleri doly geýdirip, oglanlara bolsa diňe tahýa geýdirip oňýarlar? Hany, bärde deňlik? Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20-nji maddasynda şeýle diýilýär: “Türkmenistanda erkekler bilen aýallar deň graždanlyk hukuklaryna eýedirler. Deňhukuklygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanun esasynda jogapkärçilige getirýär”.

Eger-de Türkmenistanda deňhukuklylyk kanuny ýöreýän bolsa, onda oglanlara hem tahýadan başga gyýma balagy, ezme ýaka köýnegi geýdirmeli. Ine, şeýle edilse, iki jynsa hem deň çemeleşildigi bolardy.

Onsoňam bu meseleler hakynda Türkmenistan döwleti garaşsyzlyk ýyllary içinde halkara konwensiýalarynyň birnäçesini resmi taýdan tassyklapdy. Meselem, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tassyklanan “Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwensiýasy” we 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda tassyklanan “Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky konwensiýa”.

Indi bir ile gülki bolmalyň-a!

Biz öz milliligimiz bilen Türkmenistanda ýaşaýan başga dilli milletleriň hem hukuklaryny depeledik. Bu barada “Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwesiýasynyň” 4-nji maddasynda “Gatnaşyjy döwletler bir jynsyň ýa-da etniki asylly adamlaryň artykmaçlygy baradaky pikirlere we taglymatlara esaslanan, ýa bolmasa, jynsy ýigrenji ýa kemsitmäni haýsydyr bir görnüşde aklamaga synanyşýan ýa höweslendirýän islendik wagyz-nesihaty we ähli guramalary ýazgarýar hem-de şonuň ýaly kemsitmelere ýa kemsitme amallaryna islendik öjükdirmeleri doly ýok etmäge gönükdirilen gaýragoýulmasyz we oňyn çäreleri görmäge borçlanýar” diýip, açyk aýdylan hem bolsa, onuň düzgünleri saklanylmaýar.

Rus mekdeplerinde okaýan ýokary klaslaryň gyzlarynyň okuwa barýan ýa okuwdan gelýän wagty olara syn etseň, gözgyny ýagdaýy görýärsiň. Uzyn türkmen köýnegini geýip görmedik rus gyzlary onuň eteginden tä dyzyna çenli ýokary galdyryp ýoremekleri eýsem masgaraçylyk dälmi? Şeýtmek bilen bu ýagdaý biziň milli eşiklerimiziň hem abraýynyň gaçmagyna getirýär. “Gurt çagasyndan ekdi bolmaýşy ýaly” gaýry milletlere öz milliligiňi berip bilmersiň. Hemme zatda erk-islegiň bolşy ýaly milli eşikleri geýmekde-de adamlara erkinlik bermeli.

Türkmen telewideniýesinde taýýarlanylýan gepleşikleri göreniňde, kelläňi ýaýkanyňy duýman galýarsyň. Okuw jaýlarynda geçirilýän çäreleri görkezenlerinde, bary milli eşikde, deň reňkde geýinen gyzlar, göýä taryhy muzeýlerden getirilen eksponatlar ýaly dim-dik, gymyldaman oturanlary gözüňe ilýär. Käte gyzlary oglanlardan aýry oturdýarlar welin, zalyň bir tarapy gyzyl beýlekisi bolsa gara bolup durandyr. Edil dini mekdepleň düzgünini ýadyňa salýar. Ýa biz indi dini döwlet bolaýdykmykak?

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda şeýle sözler bar. “Türkmenistan – demokratik hukuk we dünýewi döwletidir”. Indi şu biziň dünýewiligimizmi? Eger-de milliligi diňe geýim bilen ölçemeli bolsak, onda biz beýik ispan ýazyjysy Serwantesiň gahrymany Don Kihot ýaly geçmişe tarap, salgyma, ertekiler dünýasine gideris.

Biz haýsy asyryň neslidigimize düşünmeli. Eger-de şoňa düşünmesek, onda biz ösüp barýan däl, eýsem yzagalak döwletleriň hem yzynda bolarys. Indi bir ile gülki bolmalyň-a! Ençeme ýyllap Saparmyrat Nyýazow milletimizi oýnap bildi. Ýaşmakly aýallary häkimlige belläp, olary nusgalyk hökmünde görkezdi. Şol hem bize, indi ýeterlik ahyryn!

Gurbangeldi Töräýew türkmenistanly ykydysady we syýasy analitigiň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG