Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenada Türkmenistanyň ýagdaýy maslahatlaşyldy


5-nji martda Awstriýanyň paýtagty Wenada “Türkmenistan-Günbatar: energiýa bähbitleri hem syýasy ýagdaý” atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.

Bu çäre “Eurasian Transition Group” topary tarapyndan gurnaldy.

Duşuşykda Halkara krizis toparynyň wise-prezidenti Alain Deletroz, žurnalist Arkadiý Dubnow, türkmen oppozisiýasynyň liderleriniň biri Nurmuhammet Hanamow, daniýaly žurnalist Maýkl Andersen dagy çykyş etdi.

Bu duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseläniň “Nabukko” proýektine degişli bolandygyny, bu çärä gatnaşan Nurmuhamet Hanamow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Häzir Türkmenistana köp sanly Günbatar delegasiýalary sapar edip, energiýa meselesi boýunça gepleşikler geçirýärler.
XS
SM
MD
LG