Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen uruş weteranlary şypahanada tölegsiz dynç alarlar


4-nji martda Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti uruş weteranlary Baýramalynyň şypahanasynda mugtyna dynç alyp bilerler ýaly hemme şertleriň döredilmegini ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri A.Serdarowa tabşyrdy.

Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda uruş weteranlary barada yzygiderli alada edilýändigini belledi.

Şeýle hem ol Baýramalynyň şypahanasynda uruş weteranlary bir aýyň dowamynda tölegsiz dynç alan döwürlerinde olara ýokary hilli medisina hyzmatlarynyň edilmegini ýola goýmak barada tabşyryk berdi.
XS
SM
MD
LG