Sepleriň elýeterliligi

Gaitili çagalar Awazada dynç alarlar


4-nji martda Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilip geçilýän Çagalary goramagyň halkara gününe görülýan taýýarlyk meselesine garaldy.

Bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar fondy bilen bilelikde Hazaryň kenarynda zehinli çagalaryň Halkara festiwalynyň geçirilmelidigini aýdyp, degişli karara gol çekdi.

Bu hökümet maslahatynda Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlap Gökderede hem Awazada täze gurlan iri Çagalary sagaldyş merkezleriniň dördüsiniň açyljakdygy habar berildi.

Şol merkezlerde haýyr-sahawat işleriniň çäginde Gaitidaky ýer titremeden ejir çeken çagalaryň hem dynç alyp biljekdiklerini prezident Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem türkmen prezidenti Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary H.Saparlyýewe we R.Meredowa bu ugurda zerur işleri geçirmegi hem-de gaitili çagalaryň deňziň kenarynda bir aýyň dowamynda oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG