Sepleriň elýeterliligi

116 sany köp çagaly aýala “Ene mähri” hormatly ady dakyldy


Türkmenistanyň prezidenti 4-nji martda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky permana gol çekdi.

Bu karara laýyklykda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy.

Bu hormatly ada mynasyp bolan enelere Türkmenistanda kommunal hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik transportlarydan peýdalanmak hem-de diş protezlerini edinmek ýaly hyzmatlar tölegsiz bolar diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG