Sepleriň elýeterliligi

4-nji martda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň baş prokurory Ç.Hojamyradow çykyş edip, Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde agaç nahallaryny oturtmak işleriniň alnyp barlyşyna geçirilen barlaglaryň netijeleri barada ýurduň prezidentine hasabat berdi.

Prokuraturanyň barlaglarynyň netijesinde bu ugurda birnäçe kemçilikleriň bardygynyň ýüze çykarylandygyny Ç.Hojamyradow mälim etmek bilen, ýurduň käbir ministrliklerine we pudaklaýyn edaralara berkidilen meýdanlarda baglara kanagatlanarsyz ideg edilmegi netijesinde olaryň bir böleginiň guramagyna getirendigini aýtdy.

Saparmyrat Nyýazow döwründen gaýdan Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasat býujet edaralarynda işleýän adamlar üçin häli häzire deňiç uly problemalaryň biri bolmagynda galýar. Ýokardan berilýän görkezmä laýyklykda, ýurduň her bir ministrligine, pudak edaralaryna agaç nahallaryny oturtmak üçin ýörite ýerler bölünip berilýär. Özi hem ol ýerler gektarlap berkidilýär.

Onsuzam iş ýetik...

Öz iş-aladalaryna zordan ýetişýän býujet edaralarynda zähmet çekýän adamlara giden gektar meýdanda baglara ideg etmek işine gatnaşmak juda kyn düşýär. Ýöne iş orunlaryny ýitirmejek bolup, bu adamlar dynç günleri mejbury ýagdaýda paýtagtyň eteginde öz edaralaryna bölünip berlen ýerlere ýowara çykyp, agaçlara ideg edýärler, hapa-haşal otlardan arassalaýarlar, baglary suwarýarlar.

Türkmenistanyň howa şertlerinde baglar suwy köp talap edýär. Hasam tomus aýlarynda. Baglara ideg etmeklige işgärler, esasan, dynç günleri çykarylansoň, tomus günleri agaçlaryň guramaklygyna ýol bermezlik asla mümkin bolmaýar. Onsoňam, edaralara bölünip berlen ýerleriň golaý-goltumynda suw bolmansoň, munuň üçin öz hasabyňa suw maşynyny eltmeli bolýar. Bir maşyn suwuň bahasy bolsa 100 manat, ýagny 35 dollar. Tomus günlerinde bir edara bölünip berlen ýerlere hepdede 8-10 maşyn suw tutmaly bolýar.

Baglara edilýän idegleriň ähli çykdajysy edara-kärhananyň hasabyna amala aşyrylýar, munuň üçin döwlet hiç bir serişde goýbermeýär. Ine, şu mesele hem Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyň amala aşyrylmagynda dürli-dürli problemalary ýüze çykarýar.

Elbetde, özüni oňarýan baý edara-kärhanalar baglara ideg etmek babatdaky maliýe meselesini kynçylyksyz çözmegi başarýarlar. Ýöne beýleki edara-kärhanalar bu meselede asgyn gelýär. Jöwzaly türkmen tomsunyň günlerinde olar giden gektarly meýdanlardaky baglara suw tutmak işinde, sözüň doly manysynda, ejiz gelýärler. Edarada zähmet çekýän işgärleriň aýlygyndan tutulyp alnan pullar hem agaçlary suwarmak üçin çykdajyny ýapyp bilmeýär. Şu sebäpden tomus günlerinde olaryň ýerlerindäki baglar suwsuzlyk zerarly gurap başlaýar.

Edara-kärhanalara bölünip berlen ýerlerde baglaryň kanagatlanarly derejede ideg edilmezligine ýokarda oturan çinownikler başgaça düşünýärler. Olaryň pikiriçe, nahallaryň guramagy, giç boý almagy edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň döwlet syýasatyna biperwaý garaýandyklarynyň netijesinde. Käbir edaralaryň bir meýdanda on ýyla golaý bag ekmek bilen meşgullanýandygyna garamazdan, bu ýerde emeli tokaýy döredip bilmeýändiklerine çinownikleriň myrryhy atlanýar.

Onda näme etmeli?

Nahallaryň guramagy bilen bagly meselä oýlanyşykly çemeleşip, degerli netije çykarmagyň deregine, häkimiýetler ýowuz çäräni oýlap tapdylar. Döwlet syýasatyna biperwaý garaýan edaralaryň baglary idedişine gözegçilik etmeklik ýurduň baş prokuraturasyna tabşyryldy. Ýokardan görkezme alan prokuratura işgärleri her bir edara-kärhana bölünip berlen ýerlere aýlanyp, guran baglary ýeke-ýekeden hasaba alyp başladylar. Olaryň hasabaty bolsa hut ýurduň prezidentine iberilip ugraldy.

Elbetde, ýurduň baş prokuraturasyna agaç nahallaryny oturtmak işleriniň alnyp barlyşyna gözegçilik etmekligiň tabşyrylmagynyň ýene-de bir sebäbi hem bar. Käbir edara-kärhanalardaky ýolbaşçylaryň agaç nahallaryny oturtmaklykda şahsy bähbitlerini öňe sürüp, guramadyk nahallary gurady diýip, olaryň deregine satyn alynmadyk nahallary satyn aldyk diýip, kezzapçylyga baş urýandyklary mälim edildi. Hut şu kezzapçylyklar zerarly hem prokuratura baglaryň idedilişine umumy gözegçilik işlerini alyp barmaklyk tabşyryldy.

Birnäçe edaralaryň ýolbaşçylary baglara ideg etmek üçin öz wezipe birliginde 4-5 ştaty «öli jan» edip hem saklaýar. Bu ştat birliklerini olar, esasan, baglary suwarmak üçin maşynlara edilýän çykdajylary ýapmak üçin peýdalanýarlar. Ýöne edara berkidilen ýörite suw maşynynyň, bagbanyň bolmazlygy, bu meseläni dolulygyna çözmekde çykalga bolmaýar. Baglar şonda-da guramaklaryny dowam etdirýär.

Göze dürtülip duran bu ýagdaýlar Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasata başgaçarak çemeleşilmelidigini görkezýär. Munuň üçin ilkinji nobatda agaç nahallaryny oturtmak barada ýörite edaranyň döredilmegi zerurdyr. Ol edara bolsa bagbanlar bilenem, tehnika bilenem doly üpjün edilmelidir. Eger şeýle edara döredilse, bir tarapdan-a, birnäçe iş orunlary dörejek, beýleki tarapdan bolsa, öz işlerine zordan ýetişýän býujet edaralarynyň işgärlerine dynç boljak.

Döwlet Hojamedow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG