Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň diplomatlary Türkmenistana sapar etdi


ÝHHG-niň Merkezi Aziýa degişli meselelere gözegçilik edýän wekilleri iş sapary bilen Türkmenistana bardy. Delegasiýanyň wekilleri Mejlisde bolup, parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işiniň ugurlary bilen tanşydylar.

Duşuşykda adam hukuklaryny goramak, halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda türkmen parlamentiniň alyp barýan işine, şeýle-de Türkmenistanyň adam hukuklary barada halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça toparyň işine degişli meseleler maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhananyň işgäri Anne Soutulanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, şu günler Aşgabada sapar edýän delegasiýanyň düzümi guramanyň Wenadaky milli delegasiýalardan bolan dört diplomatdan ybarat.

Delegasiýanyň wekilleri türkmen resmileri bilen duşuşyk geçirenden soň, 4-nji mart güni Mary şäherine sapar edip, ýerli häkimiýet wekilleri bilen duşuşdylar.

“Bu ýurdy öwrenmek, ýurtdaky reformalar prosesine göz ýetirmek hem-de ÝHHG-niň bu ugurda edip biljek işlerini kesgitlemek synanyşygydyr. Delegasiýa wekilleri ýurtda bolup geçýän prosesler, guramanyň programmalarynyň alnyp barlyşy bilen gyzyklandylar” diýip, YHHG-niň wekili aýtdy.

Soňky döwürde Türkmenistana dünýäniň çar künjeginden gelýän resmi delegasiýalar bilen diňe ykdysadyýetiň gürrüňi edilmän, eýsem adam hukuklarynyň, ýurtdaky syýasy özgerişleriň gürrüňi hem edilýär.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ÝHHG-niň delegasiýasynyň türkmen resmileri bilen duşuşygynda ýurtdaky graždan jemgyýeti we adam hukuklary barada gürrüň edilmeginiň Türkmenistanda olaryň ösmegine kömek etjekdigini aýtdy.

“Golaýda prezident Berdimuhamedow syýasy partiýalar we türmeler bilen baglanyşykly meseleleri oňe sürdi. Bu guramanyň wekilleriniň gelmegi şol işi çaltlandyrar, oňa itergi berer” diýip Bugaýew aýdýar.

Emma adam hukuklaryny goraýjylaryň käbiri bu saparyň halkara guramalarynyň wekilleriniň adaty işidigini aýdýarlar.

Düýbi Bolgariýadaky adam hukuklaryny goraýjy guramanyň başlygy Täjigül Begmedowa hem ýüzbe-ýüz oturyp maslahatlaşylan meseleleriň effektiw çözülýändigini aýdýar: “Bu halkara guramalaryň praktikasynda hemişeki edilýän iş. Halkara guramalary öz öňlerinde goýan maksadyna ýetmek üçin aram-aram baryp, ýüzbe-ýüz oturyp gepleşmegiň täsirli boljakdygyna gowy düşünýärler”.

Ilat habarlymy?

Eýsem, ilat zerur bolanda, ÝHHG ýaly halkara guramalara ýüz tutmagyň ýollaryny bilýärmikä? Ýazyjy Bugaýew ýerli ilat halkara guramalara ýüz tutjak bolanda, ýasama päsgelçilikleriň döredilýändigini aýtdy.

Bugaýew munuň sebäbini şeýle halkara guramalara ýerli çinowniklerden işe alynmagy bilen düşündirýär. “Olar esasan kabulhanalarda ýa-da terjimeçi bolup işleýärler. Ozaly bilen şolar ýerli ilatyň arzasyny guramalara ýetirmejek bolýarlar. Sebäbi türkmen jemgyýeti ýurtda söz azatlygynyň ýokdugy zerarly Türkmenistanyň gol çeken şertnamalaryndan we boýun alan borçlaryndan habarsyz”.

Käbir analitikler adam hukularyna hormat goýmagy öwrenmedik GDA ýurtlarynda bu ugurda iş alyp barmagyň ÝHHG üçin öran kyn düşýändigini nygtaýarlar.

Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Orazbek Modalyýew regionyň döwletleri birleşip, adam hukularynyň bozulmagyna garşy umumy mehanizm döretmeli diýýär: “Meselem, regionda söz azatlygynyň ýagdaýy gün saýyn ýaramazlaşýar. Näçe žurnalistler öldürilip, näçesi urlup-ýenjildi. Bu tendensiýa azalýar diýip aýdyp bolmaýar. Ol ösýär. Şonuň üçin regionyň ahli döwletleri bileleşip, muňa garşy umumy mehanizm işlap düzmeli. Şonda bu guramanyň abraýynyň ýokary galmagy mümkin.”

Begmedowanyň pikirine görä, ÝHHG Türkmenistanda aktiw iş geçirmeli. “Geçirilýän ýygnaklara diňe resmi çinownikler däl-de, ýurduň ähli aktiwistleri, žurnalistleri gatnaşmaly. Ýöne býurokratik duşuşyklar bilen problemany çözüp bolmaz”.
XS
SM
MD
LG