Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti golaýda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde demokratiýa we jemgyýetçiligiň gözegçiligini ösdürmek barada çykyş etdi.

Prezident bu çykyşynda adam hukuklary boýunça halkara talaplaryna laýyklykda hukuk goraýjy edaralaryň işini kesgitleýän kanunlaryň kämilleşdirilmegi barada söhbet etdi.

Prezidentiň aýdan sözlerine ýaşlar nähili garaýarlar?

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar” programmasynda 8-nji mart Halkara aýallar güni hem-de Germanýadaky CEBIT kompýuter ýarmarkasy barada hem maglumat berilýär.

Bular baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG