Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýrana garşy täze sanksiýalar taýýarlanýar


Birleşen Milletler Guramasynyň resmileri Günbatar ýurtlary tarapyndan teklip edilýän Eýrana garşy giriziljek täze sanksiýalaryň proýektine daşary ýurtlarda Eýran banklarynyň açylmagyny gadagan etmek ýaly çäreleriň girýändigini aýdýarlar.

Bu çäreleriň hataryna Eýrana maýa goýmak prosesini kynlaşdyrmak üçin bu ýurduň Merkezi Bankynyň işini has köp yzarlamak ýaly hereketleriň hem bardygy aýdylýar.

Şu ýylyň fewral aýynyň başynda Eýran urany 20%-te çenli baýlaşdyryp başlady.

Bu ýagdaý Eýranyň ýadro ýaragyny edinmäge synanyşýandygy baradaky howatyrlanmalaryň has hem artmagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG