Sepleriň elýeterliligi

BMG Yragyň raýatlaryny saýlawlara gatnaşmaga çagyrýar


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun Yragyň hemme raýatlaryny 7-nji martda Yrakda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu saýlawlar milli barlyşygy gazanmak boýunça örän möhüm pursat bolup durýar.

2003-nji ýylda Saddam Husseýiniň režimi dargadylanyndan soň, bu Yrakda geçirilýän ikinji parlament saýlawlary bolup durýar.

Soňky birnäçe günüň dowamynda dürli sebäpler bilen saýlawlara hut şol günüň özünde gatnaşyp bilmejek adamlara öz seslerini wagtyndan öň bermäge mümkünçilik döredildi.

Saýlaw uçastoklarda birnäçe terror hüjümleri hem amala aşyryldy.

2011-nji ýyla çenli Yrakdan amerikan goşunlaryny doly çykarmak planlaşdyrylýar.

Bu saýlawlar şol waka 6 aýdan az wagt galanynda geçirilýär.



XS
SM
MD
LG